Ýolagçylar we olaryň borçlary

17 Mart 2021
1103

Ulag serişdelerini dolandyranlarynda, sürüjileriň paýyna ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe borçlar ýüklenilýär. Ýöne munda belli bir derejede ýolagçylaryň üstüne-de jogapkärçilik düşýär. Olar ýol hereketiniň kadalarynda hem berkidilen. Mysal üçin, ulaga müneninde, ýolagçy hem howpsuzlyk kemerini, motosiklde bolsa mototuwalgany ildirmäge borçludyr. Ýolagçylar ulaga münmegi we ondan düşmegi diňe ýanýoda ýa-da ýolýaka tarapdan amala aşyrmalydyrlar. Eger-de bu mümkin däl bolsa, howpsuz boljak we beýleki herekete gatnaşyjylara päsgel bermejek şertde gatnaw tarapdan münmek hem-de düşmek mümkindir. Ýöne şonda seresaplylygy elden bermeli däl we örän ünsli bolmaly.

Ýolagçylaryň käbiriniň ulagda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýatdan çykarýan wagtlary hem bolýar. Olar gürrüňi, dürli hereketleri bilen sürüjiniň ünsüni bozýarlar. Bu düýbünden gadagandyr. Sebäbi bu ýagdaýyň ýol hereketine beýleki gatnaşyjylara päsgel bermegi, iň erbedi hem, ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolmagy mümkin. Her raýat bu aýdylanlary berjaý etse, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, özüniň we beýlekileriň ömrüniň rahatlygyny üpjün etmäge goşandyny goşar. Sürüjiler bilen bir hatarda ýolagçylar hem öz borçlaryna jogapkärli çemeleşseler, ýollarymyz rahat bolar. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, biz diňe sürüjiler bilen däl-de, eýsem, pyýadalar, ýolagçylar bilen hem düşündiriş işlerini geçirýäris.

Halmurat URUNOW,
Dänew etrap polisiýa bölüminiň Seýdi şäher polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.