Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi

17 Mart 2021
965

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz toýdur baýramlara beslenýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny gorap saklamak we täzeden dikeltmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Tebigatyň täzelenýän döwrüniň, ýagny bahar paslynyň buşlukçysy bolan Halkara Nowruz güni dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Garaşsyz Diýarymyzda Halkara Nowruz güni her ýyl uly joşgun bilen bellenilip geçilýär.

Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan Nowruz baýramy adamzadyň umumy baýlygy, külli ynsanyýetiň medeni mirasydyr. Nowruz ençeme halklaryň, şol sanda umumadamzat medeniýetiniň dürdäne gymmatlyklaryny döreden türkmen halkynyň hem ajaýyp däp-dessurlarynyň, özboluşly we gymmatly ýörelgeleriniň beýik baýramydyr. Gözelligiň hem-de joşgunly durmuşyň bu nurana baýramy biziň döwrümizde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda halkara baýramy hökmünde ykrar edildi.

Hojaberdi ARAZDURDYÝEW,
Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenbaşy prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.