Halkyň halan ýazyjysy

17 Mart 2021
1040

Gahryman Arkadagymyz irki döwürlerde milletimiziň mertebesini, Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa göteren Oguz han, Ärtogrul Gazy, Baýram han, Mälik şa, Togrul beg, Çagry beg, Jelaleddin Meňburun, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy kimin şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirişi ýaly, soňky ýyllarda özleriniň zehin-ukyplaryny jemgyýetimizi has-da sagdynlaşdyrmaga, döwletimizi bedew bady bilen gülledip ösdürmäge, milli gymmatlyklarymyza buýsanýan watanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirip, halal zähmet çeken ylym, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň atlarynyň hem halkymyzyň kalbynda baky ýaşamagy üçin uly aladalary edýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji fewralyndaky Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde: «...jemgyýetimizi döredijilikli zähmet çekip, täze, belent sepgitlere ýetmäge, beýik işleri amala aşyrmaga ruhlandyrmak, häzirki we geljekki nesilleri milli gymmatlyklarymyza buýsanç, beýik ynsanperwerlik kadalary esasynda terbiýelemek maksady bilen, beýik şahsyýetlerimiziň hatyrasyny belentde tutup, olaryň ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek ugrunda zerur işleri alyp barýarys» diýmegi hem-de şeýle şahsyýetlerimiziň hatarynda Alty Garlyýew, Maýa Kulyýewa, Bäşim Nuraly ýaly teatr, kino, aýdym-saz sungatynyň meşhur wekillerini, Şükür bagşy, Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow ýaly ussat bagşy-sazandalarymyzy, Annaberdi Agabaýew, Osman Ödäýew ýaly zehinli ýazyjy-şahyrlarymyzy ýatlamagy aýdanlarymyzyň anyk güwäsidir.

Elbetde, özleriniň jöwher zehini, abyrsyz zähmeti bilen halkymyzyň mizemejek söýgüsini gazanan, milli Liderimiziň ýokary hormatyna mynasyp bolan bu şahsyýetleriň her biri aýratyn söhbede mynasyp. Şu nukdaýnazardan, ussat ýazyjymyz Osman Ödäýew hakynda gysgaça gürrüň etmegi makul bildik. Dogrusy, şeýle pikire gelmegimize Gahryman Arkadagymyzyň bu ýazyja bolan belent sarpasy, ýokarda ýatlanymyzdan başga-da, 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygyndaky çykyşynda atlary ebedileşdirilmeli birnäçe meşhur şahsyýetleriň hatarynda Osman Ödäýewiň hem adyny ýatlamagy, «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «...Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen hormatly ada eýe bolan zehinli ýazyjy, şu günüň türkmen edebiýatyny eserleri bilen bezän Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» atly romanynyň ähli jiltlerinem okap çykypdym. Şonda Togrul begiň, onuň wepadar maşgalasy Altynjan hatynyň keşplerinde hakyky adamy terbiýelemegiň ýowuzdan gelen köptaraplaýyn şertlerini görýärin. Ýazyjy taryha örän belet, şonuň ýaly-da onuň çuňňur watançylygy wakalara düşünip, olaryň ähmiýetli tarapyny ýüregi bilen duýup bilýänliginde diýip hasap edýärin. Ýogsam, üstünden ençeme asyr geçen wakalarda nämäniň we haýsy zadyň nähili maksat bilen ýerine ýetirilendigini şeýle açyk beýan etmek kyn bolardy...» diýen jümlesi esas boldy.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
ýazyjynyň edebi mirasyny toplaýjy.