Beýik işleriň şuglasy

17 Mart 2021
1043

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň buýsanjyna öwrülen merjen şäherimiz Aşgabat köpugurly özgertmelerdir ösüşlere eýe bolup ildeşlerimizde uly buýsanç duýgularyny döredýär. Merjen şäherimizi mundan beýläk hem kämilleşdirmek işleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda has-da batly depginler bilen dowam etdirilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly şatlyk-şowhun, ruhubelentlik bilen toýlanar.

Ak mermerli belent ymaratlaryň, gür bagly seýilgähleriň, ajaýyp suw çüwdürimleriniň mekanyna öwrülen paýtagtymyz häzirki wagtda dünýäniň iň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabadyň gözelligiň kämil nusgasyny emele getirýän keşbinde suw çüwdürimleriniň orny diýseň uludyr. Şäheriň görnükli ýerlerinde oturdylan dürli görnüşli suw çüwdürimlerinde milli äheňdäki bezegleriň döwrebap nusgalar bilen sazlaşandygy aýratyn ünsüňi çekýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň çäginde suw çüwdürimleriniň giň toplumy bar. 2008-nji ýylda Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda olaryň iň iri göwrümlisi bolan «Oguz han we ogullary» suw çüwdürimler toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Binagärlik taýdan özboluşly aýratynlyga eýe bolan bu toplumyň mähriban halkymyzyň şöhratly taryhyny, millet hökmündäki berkararlygyny, agzybirligini sarpalamakda, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr. Ol paýtagtymyzyň kämil binagärlik keşbiniň aýrylmaz bölegine öwrülip, mähriban halkymyzyň şöhratly taryhyny dabaralandyrýar.

Rahat ANNAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.