Golaýda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň Berkararlyk etrap Polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölüminiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda «Edebim terbiýäm — milli mertebäm!» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige mekdebiň ýokary synp okuwçy gyzlary gatnaşdylar. Bäsleşikde okuwçy gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerini ýerine ýetirdiler we onuň gelip çykyşy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýaşlarda Watana, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgini artdyrmak maksady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginde baş baýraga Aşgabat şäherindäki 140-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýlar Erjanowa mynasyp boldy. 1-nji orna 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Laçyn Orazowa, ikinji orna 52-nji orta mekdebiň okuwçysy Ýazgül Allaberdiýewa, üçünji orna 76-njy orta mekdebiň okuwçysy Gülnar Nazarowa dagy mynasyp boldular. Baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçy gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.