Allergiýa näme? Allergiýa hadysasy biziň birnäçämizde duş gelýän bolsa gerek. Biz hem onuň bilen bagly käbir maglumatlary okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Allergiýa bedeniň immun ulgamynyň, adatça, zyýansyz hasaplanylýan zatlara bolan ýiti garşylygydyr. Ol bedeniň dürli böleklerinde ýüze çykyp, birnäçe minutdan ençeme güne çenli dowam edýär.