Süýji buýan — tebigy baýlygymyz

15 Mart 2021
1096

Watanymyzyň baý ösümlik dünýäsi bar. Onda ýokary derejeli ösümlikleriň 3 müň töweregi görnüşi duşýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ýurdumyzda duşýan ösümlikleriň 2 müňden gowrak görnüşiniň dermanlyk häsiýetiniň bardygyny, häzirki wagtda şolardan 100 görnüşini derman hökmünde ulanmaga rugsat berlendigini belleýär. Bizde duşýan dermanlyk ösümlikleriň görnüşiniň köp bolmagynyň we olaryň dermanlyk ähmiýetiniň has ýokarydygynyň Watanymyzyň çogly howasy we arassa ekologik şertleri bilen baglanyşyklydygyny, şol dermanlyk ösümlikleriň iň gowularynyň biriniň hem süýji buýandygyny nygtap geçýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitapda süýji buýanyň biologik häsiýetleri, geografik ýaýraýşy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Buýan urugy (Glycyrrhiza L) kösükliler maşgalasyna degişli bolup, dünýäde onuň 15 görnüşi, Türkmenistanda 4 görnüşi duşýar. Bu uruga degişli 2 görnüş — süýji buýan we ural buýany örän giňden ulanylýar. Biziň ýurdumyzda süýji buýan (Glycyrrhiza L) giňden ýaýrandyr. Ol köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Baldaklary köp şahaly, şahalary gyzylymtyl reňkli. Ýapraklary ýelek şekilli, uzynlygy 5 — 20 santimetr. Olaryň ýüzi ýelim ýaly madda bilen örtülendir. Gül salkymlary seýregräk ýerleşen köp gülli, güli melewşe reňkli. Miwesi bişmänkä ýaşyl, bişenden soň, mele reňkli bolýar. Buýanyň kök boýunjygynda köp sanly pyntyklar bolup, ondan ýokaryk ýerüsti baldaklar, ýer astynda bolsa ýerasty baldaklar (porruklar) we kökler gidýärler.

Annageldi ATAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.