Dünýäde iň bagtly ata-ene

12 Mart 2021
899

Ata-ene bolmagyň müň bir bagty bar. Çaga dünýä inende, oňa aýakdyr dil bitende, mekdebe gatnap başlanda, alan her «bäşliginde», ak mekdepden uçurym bolanda, öýe talyp şahadatnamasyny getirende, işe ýerleşende, durmuş guranda, agtyk görende... guş bolup uçar ata-ene!

10-njy mart güni «Watan» habarlar gepleşigine syn edeniňizde, dünýäde iň bagtly ata-enäniň bir jübüdi siziň hem nazaryňyza ilendir. Bildiňiz. Olar dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewanyň ata-enesi ― Alymbaý Jumabaýew we Emine Kerimbaýewa.