Maşk edeliň — saglygymyzy berkideliň!

12 Mart 2021
1183

Sport bilen yzygiderli meşgullanýan ýaşlaryň hemişe ruhubelent, şähdaçyk, şeýle-de ýokanç kesellerden goranmak ukybynyň ýokary bolýandygy hemmämize mälimdir. Sapaklary özleşdirmekde-de sportuň ähmiýeti uludyr. Çünki sportuň ähli görnüşi hem immun ulgamyny güýçlendirip, gan aýlanyşygy gowulandyrýar.

Beden maşklary hem sportuň aýrylmaz bir bölegi bolup, ol ýörite türgenleşigi talap edip durmaýar. Munuň üçin her birimiz hem wagt tapyp bileris. Mysal üçin, irden turanymyzda ýerine ýetirýän beden maşklarymyz günuzyn işjeň bolmagymyza oňyn täsirini ýetirýär. Lukmanlaryň bellemegine görä, maşklar beden agzalarymyzyň hem ukudan oýanmagyna peýdasyny ýetirip, gündelik iýmitlerimizi sagdyn görnüşde kabul etmegimize getirýär. Haçan-da beden maşklaryny ýerine ýetirenimizde öýkeniň giňäp, ýüregiň myşsasynyň ösmegine, çydamlylygynyň artmagyna, gan basyşynyň kadalaşmagyna, bedeniň goraglylygyny güýçlendirmäge kömek edýändigini unutmaly däldiris. Maşklar bedenimiziň syratly bolmagyna hem ýardam edýär. Günüň dowamynda 10 — 15 minut beden maşklary bilen meşgullanmak uzak ýaşamaklygyň syrydyr. Agşam ýatylmazdan ozal geçilen ýeňil beden maşklary iýmitiň siňňitli bolmagyna, rahat ukyny gazanyp bilmegiňize getirýär. Şol sebäpden, ösüp gelýän ýaş nesliň her gün beden maşklary bilen meşgullanmagy zerurdyr. Bu siziň saglygyňyzy berkitmek üçin oňyn şertleriň biridir.

Maral AKMYRADOWA,
«Nesil».