«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylda Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan çäreler milletiň ruhy gymmatlyklarynyň dabaralanýandygyny, halkymyzyň gadymy mukaddes däplerine, öý-ojagyň söýesi hasaplanylýan enelere hormat goýmak ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan wakalara beslendi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watana bolan egsilmez söýgi, buýsanç bilen ýaşaýan zenanlarymyz halal zähmeti, asylly kesbi-käri bilen Garaşsyz döwletimize şan-şöhrat getirýärler.