Ajap eýýamymyzda mähriban halkymyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Bu toý-baýramlar mähriban Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş beren ajap eýýamynda aýratyn şowhun-şagalaňa beslenip, il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär.
Şirin aýdym-sazlara, şowhunly tanslara beslenip, giňden bellenilýän baýramçylyk dabarasy gadymy türkmen topragyna baharyň gelendigini buşlaýar. Bu baýramçylygyň aýratynlygy şu günler mähriban enelerimize, uýalarymyza, gelin-gyzlarymyza goýulýan sylag-sarpanyň buýsançly belentliklere çykýanlygyndadyr. Milli Liderimiziň aladasy bilen türkmen zenanlarynyň abadan durmuşda zähmet çekip, bagtly günlerde ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýär.