Ähli zadyň sakasy saglykdyr

5 Mart 2021
956

Saglyk her bir adam üçin esasy gymmatlykdyr. Raýatlaryň saglygynyň gowy bolmagy durnukly ykdysady ösüşiň iň zerur şerti we jemgyýetiň abadançylygynyň esasy görkezijileriniň biri hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet   maksatnamasy her bir raýatyň saglygyny goramak we berkitmek, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňüleriniň derejesine ýetirmek boýunça esasy ugurlary öz içine alýar.

Milli Liderimiz halkyň saglygy, ýaş nesliň sagdyn, bagtyýar we ylymly-bilimli ösüp ulalmagy üçin ähli tagallalary durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda badalga beren giň möçberli özgertmelerine laýyklykda, täze, döwrebap sport-sagaldyş desgalary, saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Ýurdumyzda ençeme saglyk öýleriniň, şypahanalaryň durky häzirki zaman talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän «Ene mähri» merkezleri ilata ýokary hilli hyzmat edýärler. Şeýle işleriň netijesinde eziz Diýarymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň hem bagtyýarlygyň mekanyna öwrüldi.

Altyn ÇILOWA,
Serdar şäheriniň we etrabynyň polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.