Sowgat gowşuryldy

5 Mart 2021
781

Golaýda „«Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlara sowgat gowşurylyş dabarasy boldy. Baýramçylyk dabarasynda bu kärhanada zähmet çekýän gelin-gyzlara däp bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň her ýylda berýän pul sowgady hem-de kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem bahar bägülleri ýaly owadan zenanlara gutlag sözleri aýdyldy.

Bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň özlerine goýýan sylag--hormatyndan ruhlanýan mährem eneleriň, zeminiň gül-gunçasy bolan gelin-gyzlaryň ýürek buýsançlary bu günki gün dillerinde joşgunly ýaňlanýar.