Wepadarlygyň nusgasy

4 Mart 2021
922

Türkmen halky gaýtalanmajak kämillik derejesine ýetiren ençeme gymmatlyklary bilen meşhur bolupdyr. Şolaryň biri-de wepadarlygyň, dostlugyň, güýçlüligiň beýik nusgasyny özünde jemleýän türkmen alabaýlarydyr. Alabaý — öý-ojagyň goragçysy bolup, halkymyza asyrlarboýy hyzmat edipdir. 25-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi we onuň her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde geçirilmelidigini aýtdy.

2-nji martda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynda wepadarlygyň nyşany bolan türkmen alabaýlary hakynda ýurt Baştutanymyzyň edýän aladalaryna bagyşlanyp hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedow, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Ýörite habarçymyz.