Bol hasylyň girewi

3 Mart 2021
1000

Welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bugdaýa ösüş suwuny tutmak, dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlaryň garşysyna göreşmek ýaly möwsümleýin işler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Gahryman Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary bilen ruhlanyp zähmet çekýän Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň babadaýhanlary hem ene topraga hyzmat edip, ondan bol hasyl almakda netijeli işleri bitirýärler. Her bir işde belent sepgitlere eýe bolmagy maksat edinýän daýhan birleşiginiň oba hojalykçylary 2 müň 900 gektar meýdandaky bugdaý maýsalaryna agrotehniki idegi talabalaýyk ýola goýýarlar. Howanyň häzirki amatly günlerinde bugdaýly meýdanlary mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri gowşamaýan depginde dowam etdirilýär.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».