Ähli ösüşleriň gözbaşy

1 Mart 2021
824

Arkadag Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp, ýurdumyzda halkyň bähbidine gönükdirilen beýik işler amala aşyrylýar. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi, ösen tehnologiýalardan baş çykarmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Bilim ojaklarynda öňdebaryjy iş tejribesiniň, multimediýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy, sanly ulgamyň elýeterli bolmagynyň üpjün edilmegi ýaşlaryň aň-düşünjesiniň, dünýägaraýşynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserleri bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlary ylma, bilime höweslendirmekde, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmalar bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda: «Häzirki döwürde biz Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň binýadyny ylym-bilimiň ösüşlerinde görýäris. Ýurdumyzyň geljegi adamlardadyr, olaryň döredijilik ukybyndadyr diýmek bilen, biz ylym-bilim ulgamyndaky netijeli işiň derwaýysdygyny nazara alýarys. Ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, onda ylym-bilimiň döwrebap ösüşi babatdaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir» diýip belleýär. Şu sözlerdenem görnüşi ýaly, ýurdumyzda gazanylýan ähli ösüşleriň binýadynda ylym-bilimde ýetilen üstünlikler durýandyr.

Bagtyýar NAZLYÝEW,
Bereket etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň Ilkinji guramasynyň başlygy.