Ruhubelentligiň gözbaşy

1 Mart 2021
773

Ýakynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebinde talyplaryň gatnaşmagynda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren milli mirasymyza sarpany, zähmete bolan söýgini döretmek, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine ygrarly bolmaklaryny terbiýelemek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan başlangyç hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guraldy. Wagyz-nesihat çärede hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan» we «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp ýurdumyzda durmuşa geçirilýän netijeli işler, öňde goýlan wezipeler dogrusynda täsirli çykyşlar guraldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň beden taýdan sagdyn, ruhubelent, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly, watansöýüji we hünärli bolup ýetişmekleri üçin nusgalyk işler alnyp barylýar. Bular dogrusynda dabaranyň dowamynda giňişleýin gürrüň edildi. Dabaranyň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämilleşmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdyldy.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».