Tutanýerli zähmetiň miwesi

1 Mart 2021
875

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli pudaklar bilen bilelikde oba hojalyk pudagynda ýetilýän sepgitlerdir gazanylýan üstünliklerem buýsançlydyr. Ýylyň-ýylyna ýüzlerine Günüň nury siňen babadaýhanlarymyz tutanýerli zähmet çekip, beýleki ekinler bilen bir hatarda gant şugundyrynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Babadaýhan kärendeçileriň ýetişdiren şugundyr hasylyny gaýtadan işlemek bilen kärhanamyzyň hünärmenleri ondan şeker we gant önümlerini öndürip, halkymyza ýetirmekde jan aýaman zähmet çekýärler.

Kärhanamyzyň işçileri netijeli zähmet çekip, meýilnamalarymyza abraý bilen hötde gelýärler. Bu işlerde kärhanamyzyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň orny hem bellärliklidir. Kärdeşler arkalaşygy komiteti tarapyndan agzalarymyzyň zähmet-durmuş hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmeklige, olara howpsuz iş şertleriniň döredilmegine, olary yzygiderli maddy hem-de ruhy taýdan goldamaklyga gönükdirilen çäreleriň giň toplumyny durmuşa geçirmekde köp işler alnyp barylýar.