Halkara nobel baýragynyň döreýiş taryhyndan

1 Mart 2021
937

Häzirki wagtda ylmy açyşlar üçin döredilen baýraklaryň sany 100-den hem geçip gitdi. Şol baýraklaryň arasynda giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen iň bir abraýly baýraklaryň biri 1900-nji ýylyň 29-njy iýunynda esaslandyrylan halkara Nobel baýragydyr.

Eýsem-de bolsa, Nobel baýragynyň döreýiş taryhyny bilmek her kim üçin gyzykly bolsa gerek. Nobel baýragy kimlere, näme üçin we haçan berilýär? Bu baýragyň pul möçberi näçeräkkä? Bu sowallara jogap bermek üçin taryhy maglumatlara ser salalyň.