Beýik maksatly işler

28 Fewral 2021
953

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içeri we daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär hem-de degişli çözgütleri kabul edýär. Muňa milli Liderimiziň geçirýän Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, iş maslahatlarynda garalýan meseleleriň we kabul edilýän kararlaryň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde käbir resminamalaryň taslamalaryna hem garaldy.

«Mugallymlar gazeti».