Baýlyk (Durmuş we biz)

26 Fewral 2021
917

Bu söz ählimiz üçin düşnükli, gulaga ýakymly söz. Emma jemgyýetiň öňdebaryjy akylly adamlarynyň, bilermenleriň: «Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça hem pikir, garaýyş bar» diýişleri ýaly, bu söz hem her bir adam üçin dürli manylarda bolup biler. Adam ömrüniň dowamynda gowy zatlaryň arzuwynda ýaşaýar. Oňa ýetmek, çagalarynyň bolelin, rahat, gowy durmuşda ýaşamagy üçin hereket edýär. Ýöne ilçilikde: «Näme üçin men islän durmuşyma çalt ýetmeýärin? Pylanyňky ýaly ýaşamaýaryn?» diýen sowallara duş gelmek bolýar. Hereket diýlende, şu sözler ýadyma düşdi. Eýnşteýin: «Şol bir hereketleri edip, dürli netijä garaşmak dälilikdir» diýip belleýär. Diýmek, biz, ilki bilen, öňümizde goýan maksadymyzy anyk kesgitlemeli we şoňa gönükdiren ýolumyzyň hakykatdan hem dogrulygyna göz ýetirmeli. Sebäbi adamy şeýle bir arzuwlaryň, hyýalbentlikleriň gurşaýan pursatlary bolýar. Bu ählimize mahsus we tanyş duýgular. Emma alymyň aýdyşy ýaly, şol bir hereketler bilen däl-de, ýetmek isleýän zadyň talap edýän geçmeli ýolundaky hereketleri etmeli bolýarys. Beýle diýildigi, harsydünýälik, galplyk bilen däl-de, hakykat we halallyk bilen edilen hereketiň netijesidir.

Durmuşda käbir adamlara, isle, ol erkek adam ýa-da aýal adam bolsun, tapawudy ýok, «perişdesypat» ynsan diýilýär. Nämäniň hasabyna? Elbetde, halallygynyň, eden ýagşylygynyň ýüzlerine nur, ömürlerine abraý getirmeginiň netijesinde. Dünýämiziň abatlygynyň, ýurdumyzyň parahatlygynyň özi biziň her birimiz üçin ölçäp bolmajak bahasyz baýlyk. Onda-da biziň ýurdumyzda. Çünki mähriban topragymyzyň her daban ýeri maddy hem ruhy baýlyk bilen dem alýar. Taryha şan beren hanlaryň, begleriň, soltanlaryň ählisiniň ady görkezen gahrymançylyklary bilen ýatlanýar. Topragyň, halkyň, millet bitewüliginiň, erkinligiň gymmatlykdygyna düşünmedik bolsalar, ata çykyp, janyny orta goýardylarmy? Biziň borjumyz döwletimiziň abadanlygynda, durmuşymyzyň rahatlygynda köňli baýlyk bilen hereket etmek. Çünki sabyrly we dokmäde adamlar dogry hereket edýärler.

Nurşat NARLYÝEWA,
žurnalist.