Netijeli işleriň beýany

26 Fewral 2021
915

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz asuda, abadan durmuşyň hözirini görüp, rahat ýaşaýar. Döwlet Baştutanymyz kazyýet edaralarynyň işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeleri goýýar. Hut şonuň üçin hem milli Liderimiziň täze taryhy eýýamyň başyny başlap, neşekeşlige hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna aýgytly göreşe badalga bermegi täzeçe işlemegimize giň ýol açdy.

Ösen jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň gerim almagyna gönükdirilen aýgytly işleriň netijesinde neşe howpunyň öňüni almakda buýsançly sepgitlere eýe bolundy. Derwaýys meselede gazanylan üstünliklerimiz halkymyzda uly buýsanç, ruhubelentlik hem-de hoşallyk döretdi.