Şa serpaýynyň şatlygy

26 Fewral 2021
804

Halk bilen Watan bir ten, bir jan bolanda, il-gün bir Başa uýanda bähbitler, maksatlar birleşýär. Topragyň berekedi, hasylyň hümmeti artýar. Durmuş, ýaşaýyş süýjeýär, ömürler uzaýar, eller uzadan ýeriňe ýetýär. Agzybirlik, asudalyk, jebislik Watany özgerdýär, onuň abraýyny belende göterýär, şanyna şan goşýar, şöhratyny artdyrýar. Biz şeýle Watanda ýaşaýarys. Bizi eşretli durmuşda ýaşadýan, ýeňişlerden ýeňişlere, belentliklerden belentliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyz bar.

Ynha, ýakynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň «Bagtyýar zaman» obasyndaky medeniýet öýüniň töweregini gurşap alan çäreler etrabyň uludan-kiçä ähli ýaşaýjylaryna ýatdan çykmajak şatlyk paýlady. Bu ýerde bezelen ak öýler, ene-mamalarymyzdan gelýän el işleriniň sergisi, bagşy-sazandalaryň hoş owazly aýdym-sazlary bütin töweregi şowhuna besledi.

«Edebiýat we sungat».