Döwrebap ösüşler — ýurduň kuwwaty

25 Fewral 2021
823

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň, şeýle-de ata Watanymyzyň ýüregi bolan, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni halk bähbitli, döwlet ähmiýetli ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň geçirýän mejlislerinde hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, ýurdumyzy, paýtagtymyzy ösdürmek meselelerine garalýar we oňyn çözgütler kabul edilýär.

Biz munuň şeýledigine gündelik şaýat bolýan wakalarymyzyň, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, häzirki wagtda durmuş-ykdysady ulgamyň ähli ugurlarynyň täze tehnologiýalar esasynda sanly ulgama yzygiderli geçirilmegi babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

«Adalat».