Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

25 Fewral 2021
742

Ýazly DÄDEBAÝEW,
Daşoguz welaýat kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi:

— 12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz geljekde ýurdumyzyň çäginde ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary bejermek üçin giň mümkinçilikleri döretjek Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini, saglygy goraýşyň epidemiologiýa, molekulýar mikrobiologiýa we biologiýa, immunologiýa, bakteriologiýa, gen inženeriýasy, biotehnologiýa, ekologiýa we biologiýa howpsuzlygy ýaly ugurlarynda düýpli ylmy-barlag işlerini alyp barjak Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-önümçilik, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezlerini we beýleki saglygy goraýyş maksatly desgalary gurmak hakynda aýtdy. Mundan başga-da, ilaty derman serişdeleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda derman öndürýän birnäçe täze önümçilikler gurlar.

«Adalat».