Döredijilik duşuşygy

25 Fewral 2021
877

Ýakynda Ahal welaýat kitaphanasy bilen Balkan welaýat kitaphanasynyň arasynda sanly ulgam arkaly döredijilik duşuşygy geçirildi. «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Tuwakgül Gylyjowanyň kitaphana okyjylary bilen bolan bu duşuşygy oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin täsirli boldy.

Duşuşygyň myhmanlary Arkadagly döwrümizde döredijilik işgärleriniň uly alada bilen gurşalýandygyny, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda ähli şertleriň döredilýändigini aýdyp, ata Watanymyzyň ösüşdir özgertmeleriniň ýazyjy-şahyrlaryň kalbyny joşduryp, ýüregine ylham berýändigi we täze-täze eserleri döredip, döwrümiziň waspyny ýetirmäge ruhlandyrýandygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.

Ogultuwak TAÝLYÝEWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň birinji derejeli kitaphanaçysy. SURATDA: döredijilik duşuşygyndan pursat.