Milli demokratiýanyň ýörelgesi

25 Fewral 2021
820

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary milli Liderimiziň başlangyjy hem-de parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň ýolunda täze ädim bolar. Munuň şeýledigini bu möhüm syýasy çäräni ýokary derejede geçirmek ugrunda alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň çäginde hem görmek bolýar. Şeýle syýasy çäreleriň mazmunyny we jemgyýetimiziň durmuşyndaky ähmiýetini wagyz etmek we olara ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak bolsa bilim-terbiýeçilik ulgamynyň wekilleriniň hem paýyna düşýär.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri bar. Şeýle ýörelgämize buýsanyp, milli demokratiýany döwrebap ösdürýäris. Milli demokratiýamyzyň döwrebap ösdürilmegi bolsa jemgyýetimiziň öňe gitmegine, halkymyzyň agzybirlikli ýola ygrarly bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hut şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere, milli demokratiýa aýratyn sarpa goýulýar.

Maral NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.