Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

24 Fewral 2021
882

♦ Aşgabat şäherindäki 144-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda «Türkmenistan — sportuň, parahatçylygyň we ösüşiň ýurdy» şygary bilen wagyz-nesihat hem-de maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler mekdep okuwçylaryna döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşyp, ata Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşmalydyklary barada degerli maslahatlary berdiler. Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Mährijemal ATAÝEWA,
TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň hünärmeni.