Terbiýeçilikde kitaphanalaryň orny

24 Fewral 2021
826

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin bimöçber aladalar edilýär. Şonuň bilen baglylykda, kitaphana ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ugrunda buýsandyryjy işler alnyp barylýar. Çünki kitaplar iň gymmatly baýlyklaryň biri hasaplanýar. Kitaphanalar bolsa ynsanyň ruhy taýdan kämilleşmeginde esasy merkez hökmünde mukaddes ýerler bilen deň derejede görülýär.

Bu ýörelge häzirki wagtda hem döwrebap röwüşde dowam etdirilýär. Kitaphanalaryň ähli amatlyklar bilen üpjün edilmegi üçin döwlet derejesinde aladalar edilýär. Muňa mysal hökmünde üstümizdäki ýylyň 7-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini has-da kämilleşdirmek boýunça geçiren iş maslahatynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, kitaphana işini ösdürmek meselesine hem aýratyn üns berendigini bellemelidiris. Maslahatda elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadynyň we kitaplaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy boýunça degişli işleri geçirmek hem-de sanly kitaphana hyzmatlarynyň geriminiň giňeldilmegine gönükdirilen çäreleri dowam etmek tabşyryldy. Bu bolsa ýurdumyzda hereket edýän kitaphanalaryň döwrüň talaplaryna doly laýyk getirilmelidigini aňladýar. Maglumatlaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegi, maglumat çeşmeleriniň elektron gorlary bilen ýaşlaryň islegdir talaplaryny doly kanagatlandyrmak häzirki wagtda derwaýys meseleleriň hatarynda durýar.

Mähri DURDYMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.