Hökmany berjaý edilmeli talaplar

24 Fewral 2021
955

Ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarydyr dürli maksatly desgalar we binalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär, öňki bar bolanlarynyň durky täzelenilýär. Giň gerim bilen alnyp barylýan gurluşyk işlerinde desgalardyr binalary iň häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrmaklyga uly üns berilýär. Binagärlik-gurluşyk işlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine hem uly ähmiýet berlip, bu ugurda ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylýandygyny bellemek gerek. Ýöne, şeýle-de bolsa, şol düzgünleri berjaý etmekligiň her birimiziň hemişelik borjumyz bolup durýandygyndan ugur alyp, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý ediliş tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreler dogrusynda maslahat bermegi makul bildik.

Ilkinji nobatda, ýangyn howpsuzlyk çäreleri hakynda gözükdirmeler edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary tarapyndan işlenip taýýarlanyp, ýerli ýangyn howpsuzlyk gullugy bilen ylalaşylyp, kärhananyň baş inženerleri tarapyndan tassyklanylmalydyr. Ol gözükdirmelere hökmany ýagdaýda önümçiligiň alnyp barlyşyna ýangyn howpsuzlygy boýunça çäreler, ýangyn howpsuzlygy boýunça işgärleriň ýerine ýetirmeli talaplary, aýratyn önümçilik tilsimatlary üçin ýangynyň öňüni alyp biljek ýörite çäreler, tilsimat-enjamlaýyn ulgamy togtatmagyň we ýangyn howpsuzlyk işgärlerini çagyrmagyň düzgünleri, daş-töwerege, şol sanda binalara, desgalara barylýan ýollary saklamaklyga bildirilýän talaplar, açyk ot ulanmaklyk gadagan edilen ýerler barada maglumatlar, ýangyn hadysasy dörän halatynda işçi-gullukçylaryň borçlary, ýangyn söndüriji serişdeleri herekete getirmegiň usullary, maddalardyr materiallary saklamagyň tertipleridir kadalary, şeýle-de olaryň ýangyn, partlama howply häsiýetnamalary barada maglumatlar girizilmelidir.

Saparmuhammet HANGELDIÝEW,
welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.