Gadymy mekanda täze sepgitler

24 Fewral 2021
935

Ýurdumyzyň gündogarynda, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşip, gadymy galalary, taryhy ýadygärlikleri, kerwensaraýlary bilen meşhur bolan Kerki şäheri geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenlerine geçit beren möhüm ýerleriň biridir. Halkymyzda: «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýen parasatly pähim bar. Şäheriň Garaşsyzlyk ýyllary içindäki ösüş-özgerişleri bu gadymy toprakda gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap awtomobil we demir ýollary, köprüleri halk pähiminiň dogrudygyny doly tassyklaýar. Häzirki wagtda Kerki şäheri ulag ulgamynyň zerur düzümleri bilen diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň möhüm çatrygyna öwrüldi.

Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna düşen otuz ýylynyň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň Kerki etrabynyň ýaşaýjylarynyň durmuşyna çaýan bagtyny bu toprakda bolup geçen taryhy wakalaryň, dabaralaryň, şanly seneleriň mysalynda näçe diýseň görmek bolýar. Megerem, olaryň arasynda iň begençlisi hem buýsançlysy sebitiň ykdysady ösüşinde, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň barha gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan ýollar bilen bagly wakalar bolsa gerek. Çünki deňiz, derýa, howa, polat we awtomobil ýollary halklaryňdyr ýurtlaryň arasynda dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmekde örän ähmiýetlidir. Ýollar bizi arzyly menzillere, belent maksatlara alyp barýar, ýakynlarymyz bilen duşuryp, dosty dogan edýär. Şeýle bolansoň, Türkmenabat — Kerki demir ýolunyň işe girizilmeginiň, Kerki — Kerkiçi aralygyndaky demir we awtomobil ýollarynyň köprüleriniň açylyp, ulanylmaga berilmeginiň diňe bir etrabyň däl, eýsem, bütin sebitiň ýaşaýjylary üçin-de giň mümkinçilikleri açandygyna biz gözli şaýat.

Dilaram SALAMOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kerki etrap birleşmesiniň başlygy.