Saýlawlar ― milli demokratiýanyň kepili

23 Fewral 2021
905

Bu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 28-nji martynda boljak saýlawlar Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda barha dabaralanýan demokratik özgertmeleriň ýolunda möhüm ädimdir.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde kanun çykaryjy edaranyň wekilligine iň mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi bilen bagly işler aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Çünki dalaşgärlige dürli pudaklaryň wekilleri bolan il içinde uly abraýdan peýdalanýan, tutanýerli zähmet çekýän adamlaryň hödürlenilmegini gazanmak agzalan Toparyň esasy wezipeleriniň biridir. Häzirki wagta çenli welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 48 mandatyna 15-si Ahal welaýatyndan, 15-si Balkan welaýatyndan, 9-sy Daşoguz welaýatyndan, 16-sy Lebap welaýatyndan, 15-si Mary welaýatyndan hem-de 11-si Aşgabat şäherinden bolan 81 dalaşgär hödürlenilipdir.

«Türkmen dünýäsi».