Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi

21 Fewral 2021
956

Hormatly Prezidentimiz ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatynda uly tagallalary edýär. Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr» diýlip bellenilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar Watanymyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ugurlary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de pudaklaýyn maksatnamalardyr meýilnamalarda, şol sanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ata Watanymyzda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, täze hassahanalar we saglyk öýleri gurulýar. Geçen ýylda welaýatymyzyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde Ýokanç keseller hassahanasynyň, Ak bugdaý etrabynyň çäginde häzirki zaman «Bagabat» şypahanasynyň, paýtagtymyzda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň hem-de Estetik merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düzüminiň has-da baýlaşýandygynyň dabaralanmasydyr.

Röwşen JUMAÝEW,
Ahal welaýat Ýöriteleşdirilen inçekesel hassahanasynyň baş lukmany.