Baky bagtyň gözbaşy

21 Fewral 2021
815

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny belentden dabaralandyrýar. Ýurdumyzyň durmuşynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler şanly toýa sowgatly barmaga ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem bagtyýar türkmen halky hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, täze-täze üstünlikleri gazanýar.

Eziz Diýarymyzda gazanylýan beýik ösüşler, belent üstünlikler biziň her birimizi guwandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan şeýle ösüşler ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýär.

Annagözel ATDAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.