Pasla görä geýin we saglygyňy gora!

20 Fewral 2021
891

Türkmençilikde «Gyşyň güni kyrk tüýsli...» diýilýär. Gyşda howanyň sowamagy, käýarym gardyr ýagşyň ýagmagy, birdenem Gün çykyp durmagy bu pasylda egin-eşikleriňe aýratyn üns bermegi talap edýär. Çünki sowuk howada ýeňil-ýelpaý geýinmek, doňaklykda aşagy typançak ýa-da uly ökjeli aýakgapda daşaryk çykmak saglyk üçin howpludyr.

— Gyşda kelläňizi üşetmekden goraň! Suwa düşüp, çyg saçly daşaryk çykmak saglyk üçin zyýanlydyr. Munuň özi eşidişiň peselmegine, nerwleriň sowuklamagyna, saçyň düşmegine, dowamly çakyzanyň döremegine we beýleki keselleriň ýüze çykmagyna getirip biler. Şonuň üçin hem sowuk howalarda kelläňizi başgap ýa-da ýaglyk bilen ýapmagy unutmaň! Çagalaryňyzy hem başgapsyz daşaryk çykarmaň!