Türkmenistan — sagdynlygyň mekany

19 Fewral 2021
883

Gadymy döwürlerden bäri sagdyn bedenli we päk ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berýän türkmen halky saglygy durmuşyň iň gymmatly baýlyklarynyň biri hem-de manyly ömrüň özeni hasaplaýar. Muny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak babatda durmuşa geçirilýän işler we gurlup, ulanmaga berilýän desgalar hem doly äşgär edýär.

Mälim bolşy ýaly, ata Watanymyzda ýaş nesliň beden taýdan berk, ruhubelent ynsanlar bolup ýetişmegi we raýatlarymyzyň ömür dowamlylygynyň uzak bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Döwletimiz tarapyndan paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlarda we beýleki ýerlerde iň häzirki zaman döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen Saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan merdana halkymyzyň bähbidine gönükdirilen bu işleriň ählisi ýaş nesillerimiz hakynda uly aladalar edilýändigini görkezýär.

Aýbölek PERDÄÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.