Saglyk — ruhubelentlik

19 Fewral 2021
984

Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ynsan saglygynyň goraglylygynyň üpjün edilmegi babatda bitirilýän beýik işler mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Sagdynlyk ynsan ömrüniň ygtybarly goragydyr. Bu ugurda ýurdumyzda möhüm işleriň ählisi üstünlikli amala aşyryldy. Her bir adam özüniň we çagalarynyň saglygy barada alada etmeli. Şonuň üçin kadaly we peýdaly iýmitlenmegi olary dürli kesellerden gorar hem-de sagdyn we berk bedenli bolmagyna kömek eder. Şeýle hem, beden arassaçylyk düzgünlerini elmydama berjaý etmeli. Her bir ene-ata çagalaryna elmydama şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmelidigi barada düşündiriş işlerini geçirmelidir.

Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň, gaýraüzülmeleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman, ilatyň saglygyny dikeltmekde güneşli Diýarymyzyň bereketli topragynda ösýän dürli ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada giňden maglumat berýän hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby diňe bir lukmanlar üçin däl, eýsem, halk köpçüligi üçin hem gymmatly we uly ähmiýetli ylmy çeşmä öwrüldi. Şol kitaplarda beýan edilýän maglumatlardan ýerlikli peýdalanmagy başarmaly. Zyýanly endiklerden daşda durmaly. Ýokarda aýdylan düzgünler dogry we doly berjaý edilende, adam bedeniniň kesele garşy goraýjylyk ukyby beýgelip, ýiti respirator ýokanç keseliniň hem ýüze çykmagynyň öňüni alyp bolar. Ähli zadyň seresi saglykdyr. Mähriban halkymyzyň saglygy babatda gije-gündiz alada edýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Kümüş TULEKOWA,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmeni.