Agzybirlikli zähmete mynasyp goşant

19 Fewral 2021
900

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler öz agzalarynyň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny goraýan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalarynyň agzybir işgärleriniň her biriniň ýüreginde buýsanç duýgusyny döredýär. Çünki jemgyýetimizde ykbal kesgitleýji düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, olaryň kanunçylyk binýadynyň döwrebap kämilleşdirilmegi agzybir we jebis halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi döwlet syýasatynda adam hakdaky aladanyň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýdyň görkezýär.

Göwünleri galkyndyrýan şeýle guwandyryjy netijeler barada Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň düzümine girýän KA-nyň ilkinji guramalarynyň hasabat-saýlaw ýygnaklarynda joşgunly çykyşlar diňlenildi. TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesi 139 ilkinji guramany, 22716 agzany özüne birleşdirýär. Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasynyň, TKAMM-niň we welaýat birleşmesiniň geňeşleriniň kararlary esasynda ýokary ruhubelentlikde geçýän hasabat-saýlaw ýygnaklary etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky pagta arassalaýjy, tehniki hyzmat ediş, agyz suw kärhanalarynyň, «Akgala», «Hakykat», «Derýalyk» daýhan birleşikleriniň  ilkinji guramalarynda  has-da täsirli, guramaçylykly geçirildi. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň hasabatlarynda, şeýle hem dowamly ýyllarda jemgyýetçilik borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirýän, zähmet köpçüliklerinde uly abraýdan peýdalanýan, ýaşlaryň arasynda halypalyk edip, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän göreldeli işjeň agzalarymyzyň çykyşlarynda hasabat döwründe tertipnamalaýyn wezipeleriň ýerine ýetirilişine seljerme bermek bilen birlikde, geçen ýylyň 16-njy dekabrynda mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda kärhanalarda we edaralarda zähmeti goramak hem-de işiň howpsuz şertlerini üpjün etmek meselelerini kadalaşdyrýan hukuk namalaryny, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň ähmiýetini düşündirmek çäreleriniň, ýaş hünärmenleri zähmete höweslendirmek, halypa-şägirtlik  gatnaşyklaryny dowam etdirmek boýunça netijeli işleriň geçirilmegi babatda beren tabşyryklary dogrusynda täsirli gürrüňler diňlenildi.

Täzegül UTEÝEWA,
TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň hünärmeni.