Resmi habarlar gysga setirlerde

19 Fewral 2021
836

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutalag haty bilen ýüzlendi. Onda: «Türkmenistan bu gün kuwwatly ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek bilen, aýdyň geljege tarap ynamly barýar. Baky Bitarap döwletimiziň parahatçylykly hem-de ynanyşmak medeniýetine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur şertleri döretmeklige gönükdirilendir» diýlip bellenilýär.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ähli ilatyna Gutlag hatyny iberdi. Onda: «Biz ata Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öz öňümizde belent wezipeleri goýduk. Şu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin biziň ählimiz yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmelidiris» diýlip nygtalýar.