Täzelikler

19 Fewral 2021
778

Welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda geçen ýylky hasyly gaýtadan işlemek bilen birlikde ekiş üçin gowaça tohumyny taýýarlamak işleri hem guramaçylykly alnyp barylýar. Şu döwre çenli taýýarlanylan gowaça tohumy 13 müň tonna golaý boldy.

Üstümizdäki ýylda welaýatymyz boýunça 130 müň gektar meýdana gowaça ekiler. Şonça meýdanda ekiş geçirmek üçin tohumlyk gowaça çigidiniň 15 müň tonna golaýyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Şu möwsümde ekin meýdanlaryna gowaçanyň «Ýolöten-7», «Ýolöten-39», «S-2006», «149 F» we «Jeýhun» ýaly görnüşleri ekiler.
* * *
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Bilimli ýaşlar — ak geljege badalga» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.