Zähmet üstünliklerine ruhlandyran dabara

18 Fewral 2021
1052

2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyna mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Bagtyýar zaman obasynda geçirilen dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Medeniýet öýünde geçirilen dabarada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ähli ilatyna iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda ata Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň örän möhümdigini belledi.