Internet ulgamynyň elýeter nyrhnamalary

15 Fewral 2021
1162

Hormatly Prezidentimiz ýakynda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlap geçiren iş maslahatynda toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, 2020—2021-nji ýyllar üçin maksatnama laýyklykda hem-de elektron söwdasynyň, Internet hyzmatlarynyň, uzak aralykdan işlemegiň we okatmagyň giňden ýaýramagy bilen baglylykda aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we geçirijilik ukybyny gowulandyrmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz bu maslahatda maglumat tehnologiýalarynyň dünýädäki ösüşine laýyklykda ykdysadyýetiň pudaklaryna häzirkizaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak babatda halkara tejribesi esasynda edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegi, ilata hödürlenilýän Internet we beýleki aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlara gaýtadan seretmegi, ilat köpçüligine Internet ulgamynyň giňden elýeterli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň bu tabşyryklaryndan ugur alýan «Türkmentelekom» we Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) aragatnaşyk kärhanalary müşderileri üçin internet hyzmatlarynyň nyrhlaryny ep-esli arzanlatdy. Bu barada kompaniýalaryň resmi web sahypalarynda maglumatlar ýerleşdirildi. Şeýle hem aragatnaşyk kompaniýalary Türkmenistanyň guramalary, kärhanalary we bilim edaralary üçin bahalary hem has elýeter etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň ýörite karary bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi. Sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda ilata hödürlenilýän dürli görnüşli hyzmatlaryň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, durmuş ulgamynyň dürli pudaklaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler öz oňyn netijesini berýär.

Jangeldi IŞANKULYÝEW.