Depämiz gök diredi

15 Fewral 2021
938

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz tarapyndan geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi biziň etrabymyzyň adamlary hem-de halkymyz üçin ýatdan çykmajak şanly wakalara beslendi. 2020-nji ýylyň jemine bagyşlanan bu mejlisde Gahryman Arkadagymyz ençeme taryhy resminamalara gol çekdi. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyny welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we etrap häkimligini 1 million amerikan dollary bilen sylaglamak hakynda Karar hem bar.

Etrabymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şanly ösüşleri başdan geçirýär. Etrabymyz diňe bir oba hojalyk pudagynda öňdebaryjy etraplaryň biri bolman, beýleki ulgamlarda hem uly ösüşleriň ýoluna düşdi. Onuň aýdyň mysalyny soňky birnäçe ýylyň dowamynda S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda gurlan ykdysady, durmuş we medeni gurluşyklaryň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Gurlan döwrebap ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän gök önümler, ir-iýmişler halkymyza ýetirilýär. Etrabyň ussat daýhanlary ekerançylygyň ähli görnüşleri boýunça zähmet çekip, etrabymyzda her ýyl pagtanyň, bugdaýyň, gök-bakja, miwe önümleriniň bereketli hasylynyň kemala gelmegine goşant goşýarlar. Geçen ýylda hem etrabymyz ekerançylyk önümleriniň ähli görnüşleri boýunça ýokary netijeleri gazanmagy başardy.

Nurnepes JUMAÝEW,
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Biruny obasynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy.