Üstünlikler wagyz edilýär

12 Fewral 2021
928

Bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz ýurdumyz ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda gazanýan belent ösüşleriniň netijesinde günsaýyn kuwwatly döwlete öwrülýär. Şonuň bilen birlikde-de, ylymda-bilimde, medeniýetde, sportda we beýleki ugurlarda ýetilýän sepgitler ata Watanymyzyň abraý-mertebesini barha ýokary göterýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Şeýlelikde, ähli şäherdir obalarda täze hassahanalar, saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berilýär, olaryň ozaldan bar bolanlary döwrebaplaşdyrylýar. Bu bolsa halkymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň gowulandyrylmagyna düýpli şertleri döredýär.

Bahar NEPESOWA,
Görogly etrap hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň hünärmeni.