Döwrebap şertlerden ruhlanyp

9 Fewral 2021
985

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň ösüşini hemişe üns merkezinde saklaýar. Hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda sanly ulgam arkaly medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça geçiren iş maslahatynda hem bu hakykat aýdyň ýüze çykdy. Gahryman Arkadagymyz şol iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň pugta maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilendigi we onuň ähli mümkinçilikleriniň herekete girizilmeginiň wajypdygy barada aýdanlary biz — medeniýet işgärlerini işimize has-da jogapkärli çemeleşmäge borçly edýär.

Hormatly Prezidentimiz kitaphana işini ösdürmegiň meselesine hem ünsi çekip, şonuň bilen baglanyşykly elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadynyň we kitaplarynyň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy boýunça işleri geçirip, sanly kitaphana hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegine gönükdirilen işleri dowam etmek boýunça anyk wezipeleri öňümizde goýdy.

Ogulmiwe BAÝRAMOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.