Aşgabat — gözelligiň we ösüşiň şäheri

9 Fewral 2021
1133

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen netijeli işler amala aşyrylýar. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän, günsaýyn gözelleşýän Aşgabat dünýäniň iň gözel paýtagtlarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň baş şäheri bolan Aşgabady döwrebap ösdürmek we abadanlaşdyrmak, ösüş depgini durnukly ýokarlanýan şähere öwürmek ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny, paýtagtyň jemagat hojalygyny ösdürmek boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu babatda, ýokary we orta okuw mekdepleriniň edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý we seýilgäh toplumlarynyň, söwda merkezleriniň we bazarlaryň, häzirki zaman ulag ýollarynyň we beýleki ýaşaýyş-durmuş desgalarynyň guruljakdygy döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň baş ugrudygynyň tassyknamasy bolup durýar. Paýtagtyň giň möçberli mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutmak bilen, şäheri ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda senagat, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygyny, ulag-aragatnaşyk ulgamyny, harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş bazaryny we beýlekileri görkezmek bolar.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.