Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň hatyrasyna

8 Fewral 2021
1020

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň raýatlarynyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen tutumly işler durmuşa geçirilýär. «Biziň ähli işlerimiz mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň hatyrasynadyr» diýip, milli Liderimiz nygtaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli ajaýyp özgertmeler ýol-ulag düzümini hem gurşap alýar. Bu ulgamy ösdürmegiň çäklerinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze awtomobil ýollaryny gurmak hem-de ozal hereket edýänleriniň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan tutumly işleriň netijesinde bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Sebäbi munuň özi halkymyzyň eşretli hem abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýar. «Awtoulag logistikasynyň ösmeginde Garaşsyz döwletimizde gurlan we gurulýan häzirki zaman awtomobil ýollary, şol sanda Aşgabat — Garagum — Daşoguz, Türkmenbaşy — Aşgabat — Farap ýollary has-da ähmiýetlidir» diýip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisinde hem aýratyn nygtap aýtdy.

Gylyçmämmet AMANOW,
welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň müdiri, polisiýanyň maýory.