Mermer şäher Aşgabat

7 Fewral 2021
1071

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäniň iň gözel, ak mermerli binalara beslenen ajaýyp şäherleriniň biri hökmünde giňden meşhurdyr. Paýtagtymyz Aşgabat watandaşlarymyzyň, şol sanda ýurdumyza gelýän myhmanlaryň, syýahatçylaryň ýüregine ylham berýär. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň ak şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny dabaralara besläp belläp geçmek barada aýtmagy göwün guşumyzy ganatlandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik paýhasynyň ajaýyp miwesi bolan paýtagtymyzda ýaşaýyş toplumlaryny tapgyrma-tapgyr gurmak kada öwrüldi. Aşgabady gurmagyň tapgyrlarynda açylyp, ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň hatarynda dürli ulgamlarda işleýän ildeşlerimize niýetlenen jaýlaryň hem bolmagy ýurdumyzda islendik hünäriň, islendik zähmet ugrunyň sarpalydygyny, halal zähmet çekýän adamynyň mertebesiniň belent tutulýandygyny aňladýar.

Pälwan ORAZDURDYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.