Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

5 Fewral 2021
1162

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Geljek hepde wakalara baý bolar. Hepdäniň başynda güýç toplaň. Geljek hepdäniň birinji ýarymy hamallar üçin adaty ýagdaýda geçer. Jemgyýetde belli bir derejä ýetmek üçin köp yhlas etmeli bolarsyňyz. Diňe sabyrly bolmagyňyz gerek. Maddy-üpjünçilik babatda bolsa hamallar alan karzlaryny üzmäge çalyşmaly. Hepdäniň ahyrynda iş-aladalaryňyz artar.