«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

5 Fewral 2021
1116

ÖZGERTMELERIŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN

Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi türkmen halkynyň baky bagtyýarlygyny bütin dünýä ýaýdy. Bu taryhy pursat Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan daşary syýasy strategiýasynyň dünýäde barha dabaralanýandygyny aýdyň görkezdi.

Täçmyrat REJEPOW,
TDP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.